Moskwa:Wenesuelada Orsýetiň harby huzurly bolmagy iki taraplaýyn ylalaşyk esasyndadyr
Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa Wenesuelada Orsýetiň harby maslahatçylarynyň bolmaklaryny iki ýurduň 2001-nji ýylda gol goýan goranyş hyzmatdaşlygy esasyndadyr diýip nygtady.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Orsýet Wenesuela bilen saklaýan gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlyklaryny bu ýurduň esasy kanuny boýunça ösdürjekdir diýip Zaharowa aýtdy.
Wenesuela döwletine garşylaryň başlygy Huan Guaido baýak bir çykyşynda Wenesuela ýurdundaky rus harby maslahatçylaryň bolmaklaryny bu ýurduň esasy kanunyna garşy hasaplapdy.
Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de Wenesuelada rus harby maslahatçylaryň bolmaklaryny Wenesuelanyň içeri işlerine harby gatyşmak hasaplan Amerika ýurtlaryň toslamalaryna tankyt bildirip Moskwanyň Amerikanyň ezijilikli maksatlaryny goldaýan bu ýurtlaryň alyp barýan syýasatlary babatly gynanýandygyny yglan etdi.
soňky hepdelerde Amerika we ýaranlary Wenesuela döwletine garşylaryň başlygyny goldamak bilen bu ýurduň kanuny döwletini ýykmagyň yzyndadyrlar.