Eýrandaky owgan emigrantlaryň on müňlerçesi watanlaryna dolandylar
Halkara migrasiýa guramasy geçen 3 aýyň boýunda Eýrandaky owgan gelmişekleriň 88 müňden gowragynyň öz watanlaryna dolanandyklaryny habar berdi.
Halkara migrasiýa guramasy bir beýannama boýunça 2019-nji ýylyň başyndan bäri 88 müňden gowrak owgan bosgunyň Eýrandan Owganystana gaýdyp barandyklaryny yglan etdi.
Halkara migrasiýa guramasy şeýle-de ýaňky möhletde Pakistandan Owganystana göçip giden owgan bosgunlaryň sanyny 4 müň adam yglan etmek bilen 2019-nji ýylyň başyndan bäri Eýran we Pakistandan Owganystana göçip giden owgan bosgunlaryň sanyny 99 müň 600 adam diýip yglan etdi.
Bu habar esasynda bu bosgunlar umuman Owganystanda uryş we amansyzlyk sebäpli Eýrana we Pakistana göçip barandyrlar.
Owganystanyň migrasiýa ministrligi hem 2018-nji ýylda Eýran we Pakistan ýurtlaryndan Owganystana dolanyp gaýdan owganlaryň sanyny 850 müň adam diýip yglan etdi.
Durmuşda dünýäniň dürli ýurtlarynda şol sanda Eýran we Pakistanda 5 million owgan bosgun ýaşaýandyr.