Sriýanyň Gallant beýikliklerine bolan häkimiýetini yglan etmek üçin Arap başlyklarynyň maslahaty
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4967-sriýanyň_gallant_beýikliklerine_bolan_häkimiýetini_yglan_etmek_üçin_arap_başlyklarynyň_maslahaty
Arap Bileleşiginiň adaty 30-nji başlyklar maslahaty Siriýanyň Gallant beýikliklerine bolan häkimiýet hakyny yglan etmek maksady bilen Tunes ýurdunda geçirilip başlandy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 31, 2019 16:46 Asia/Ashgabat
  • Sriýanyň Gallant beýikliklerine bolan häkimiýetini yglan etmek üçin Arap başlyklarynyň maslahaty

Arap Bileleşiginiň adaty 30-nji başlyklar maslahaty Siriýanyň Gallant beýikliklerine bolan häkimiýet hakyny yglan etmek maksady bilen Tunes ýurdunda geçirilip başlandy.

Tunesiň Wat habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bu ýurduň prezidenti Al-Baji Gaed Al-Sabsi bu maslahatyň başynda eden çykyşynda Gallant beýiklikleriň Siriýa ýurduna degişlidigini aýdyp Sionist režimi bu sebiti basyp alandyr oňa görä Gallant beýikliklei barada bir taraplaýyn tutulýan tutumlar kabul ederlikli däldir diýip yglan etdi.

bu maslahata gatnaşan Saud Arabystanyň şasy Salman Bin Abdulaziz hem Gallant beýiklikleriniň eýeçiligi barada Trampyň tutan tutumyny ýazgarmagyň ýerine özüniň Eýrana garşy toslamalaryny ýene bir gaýtar gaýtalady.

Saud şasy hiç bir delili ara atmazdan Eýran özüniň duşmançylykly syýasatlary bilen halkara kanunlary aýak aşaga salýar diýip toslady.

Saud Arabystanyň şasy Salman Bin Abdulaziz Arabystan we ýaranlarynyň Ýemeniň zulum astyndaky ilatynyň tersine 4 ýyl bäri ýola berýän hüjümlerine yşarat etmezden Riýad Ýemen uruşyna syýasy ýollardan çäre görmek ugurda tagalla edýän halkara guramalaryň tagallalaryna hemaýat berýändir diýip toslady.