Eýrana garşy Amerikanyň duşmançylykly boluşy dowam edýär
Waşington döwletiniň Eýranyň tersine alyp barýan duşmançylykly syýasatlarynyň çarçuwasynda Amerikanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jan Bolton özüniň soňky twittnde Waşington Eýran Yslam Respublikasyna köpräk basyş bermek baradaky syýasatlaryny güýçli suratda alyp barjakdyr diýip ýazdy.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Jon Bolton özüniň twitter sahypasynda Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň syýasatlarynyň çygyrynda terrorizme hemaýat bermekde we sebitde we dünýäde ýaramaz roly oýnamakda Eýran Yslam Respublikasyny aýyplap Waşington Tehranyň boluşy üýtgeýän zamanyna çenli özüniň Eýrana berýän basyşlaryny güýçlendirer diýip yglan etdi.
Amerikanyň prezidenti Tramp 2018-nji ýylyň 8-nji Maýnda bir taraplaýyn şekilinde ýadro ylalaşygyndan çykany soň Eýrana basyş bermek üçin hemme taraplaýyn söweşi ýola berip başlady.Trampyň bu hereketi dünýä derejesinde ýazgaryldy.
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy hem 9-nji Ýanwarda Gom ilatynyň müňlerçesiniň arasynda beren gürrüňlerinde Eýran milletiniň Amerikalylaryň gadaganlyklaryny ýeňjekdigini yglan etdiler.