Owganystanyň adam hukuk komissiýasy Amerikanyň uruş jenaýatlarynyň barlanylmazlygyna gaýtawul görkezdi
Owganystanyň adam hukuk komissiýasynyň başlygy Sima Sahar bu ýurtdaky Amerikaly harbylaryň ýola beren uruş jenaýatlaryny barlamazlyk barada halkara Gaaga jezalandyryş diwanyň tutan tutumyna tankyt bildirdi.
Täsnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Owganystanyň adam hukuk komissiýasynyň başlygy Sima Sahar ýaňky tutumdan gynanç bildirmek bilen bir wagtda Owganystanda ýola berilen uruş jenaýatlaryny barlamak barada bildirilen islegiň halkara Gaaga jezalandyryş diwany tarapyndan ret edilmegi Owganystanda uruş jenaýatlaryň pidalaryny gynandyrdy we bu mesele basyp alyjy Amerikaly harbylaryň Owganystanda ýola berýän jenaýatlarynyň dowam etmegine sebäp bolar diýip yglan etdi.
Owganystanyň kazyýet güýji bu ýurtda uruş jenaýatlary ýola berenleri suwda çekip bilmedi ýa-da suwda çekmegi islemedi şonuň üçin halkara Gaaga jezalandyryş diwany bu ugurda öz wezipesinde tapylmalydyr diýip Owganystanyň adam hukuk komissiýasynyň başlygy Sima Sahar sözüne goşdy.