Pompeo:Amerikanyň Eýrana garşy güýçli basyşlary dowam etjekdir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i5057-pompeo_amerikanyň_eýrana_garşy_güýçli_basyşlary_dowam_etjekdir
Amerikanyň daşary işler ministri ýene bir gezek Eýran Yslam Respublikasyna garşy toslamalaryny we aýyplamalaryny gaýtalady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 16, 2019 04:22 Asia/Ashgabat
  • Pompeo:Amerikanyň Eýrana garşy güýçli basyşlary dowam etjekdir

Amerikanyň daşary işler ministri ýene bir gezek Eýran Yslam Respublikasyna garşy toslamalaryny we aýyplamalaryny gaýtalady.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Mike Pompeo düýn Amerikanyň Texas ştatynyň A&M ýokary okuw jaýynda eden çykyşynda Eýran Yslam Respublikasyny terrorizmi goldamaklykda we sebitde we dünýäde bozgakçylykly işleri amala aşyrmaklykda aýyplamak bilen Amerika Tehranyň boluşy üýtgeýän mahalyna çenli  Eýrana güýçli basyş bermek syýasatyny dowam etjekdir diýdi.

Amerikanyň daşary işler ministri mundan ozal hem Amerikanyň prezidenti Donald Tramp bir ugurdaşlyk Eýrany terrorizmden hemaýat etmekde aýyplapdy.

Amerika ýadro ylalaşygyndan çykany soňra Eýrana garşy güýçli basyşlary bermek baradaky hemme taraplaýyn söweşini ýola berip gelýändir.