Pompeo:Amerikanyň Eýrana garşy güýçli basyşlary dowam etjekdir
Amerikanyň daşary işler ministri ýene bir gezek Eýran Yslam Respublikasyna garşy toslamalaryny we aýyplamalaryny gaýtalady.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Mike Pompeo düýn Amerikanyň Texas ştatynyň A&M ýokary okuw jaýynda eden çykyşynda Eýran Yslam Respublikasyny terrorizmi goldamaklykda we sebitde we dünýäde bozgakçylykly işleri amala aşyrmaklykda aýyplamak bilen Amerika Tehranyň boluşy üýtgeýän mahalyna çenli Eýrana güýçli basyş bermek syýasatyny dowam etjekdir diýdi.
Amerikanyň daşary işler ministri mundan ozal hem Amerikanyň prezidenti Donald Tramp bir ugurdaşlyk Eýrany terrorizmden hemaýat etmekde aýyplapdy.
Amerika ýadro ylalaşygyndan çykany soňra Eýrana garşy güýçli basyşlary bermek baradaky hemme taraplaýyn söweşini ýola berip gelýändir.