Fransiýa:Pariž ýadro ylalaşygyna ykrarlydyr
Fransiýanyň daşary işler ministrligi bu ýurduň Waşingtondaky ilçisiniň baýakky jenjelli twittiniň gaýtawulynda Pariž ýadro ylalaşygyna ykrarlydyr diýdi.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Fransiýanyň daşary işler ministrligi ýadro ylalaşygyň ähliler tarapyndan goldanan we dünýä derejesinde bir ylalaşykdygyna we birleşen milletler guramanyň howpsuzlyk geňeşi tarapyndan makullanan ylalaşykdygyna yşarat edip bu halkara ylalaşygyň dünýäde durnuklylygy goramakda ýokary ähmiýete eýedigini aýtdy.
Fransiýanyň Waşingtondaky ilçisi Gerard Araud şenbe güni twwitter sahypasynda ýazan matlabynda Eýran ýadro ylalaşygy bozulan ýagdaýynda hem urany baýlaşdyrmaga haky ýokdyr diýip toslapdy.
Fransiýanyň Waşingtondaky ilçisiniň bu jenjelli sözleri Eýranyň daşary işler ministrliginiň berk gaýtawuly bilen ýüzbe ýüz bolandyr.
Fransiýanyň Waşingtondaky ilçisi Gerard Araud ýadro ylalaşygy we Eýranyň urany baýlaşdyryp bilmek haky barada aýdan sözleri Eýranyň daşary işler ministrliginiň berk gaýtawuly bilen duş bolany soň twwitter sahypasynda ýazan matlaplaryny aýyrdy.
Gerard Araudyň esassiz toslamalary bir ýagdaýdadyr welin BMG-nyň howpsuzlyk geňeşi ýadro ylalaşygy tassyklany soň Eýranyň urany baýlaşdyrmak hakyny ykrar edendir.