Putin:Wenesuelanyň ykbalyny diňe bu ýurduň ilaty belli etmelidirler
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Amerikanyň prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde diňe Wenesuela ilatynyň özleri öz ykballaryny belli edip bilerler diýip nygtady.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,kesekileriň Wenesuelanyň içeri işlerine goşulmaklary we zora daýanyp Karakas döwletini üýtgetjek bolmaklary Wenesuelanyň dartgynlylygynyň syýasy çäresine uly zarbany urjakdyr diýip ýaňky telefon arkaly söhbetdeşlikde Putin aýtdy.
Amerika soňky hepdelerde Wenesuela döwletine garşy döwlet agdarylyşykdan arka çykmak bilen bu ýurduň döwletini üýtgetjek bolýandyr.
Wenesuela döwletine garşylaryň başlygy Juan Goaido 23-nji Ýanwarda Amerika we ýaranlarynyň hemaýaty bilen özüni Wenesuelanyň prezidenti diýip yglan etdi.bu iş bolsa bu ýurduň ilaty we döwleti tarapyndan döwlet agdarylyşyk hasaplanandyr.