Trampyň Eýrana garşy toslamasyny gaýtalamagy
Jun 13, 2019 13:09 Asia/Ashgabat
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp ýene bir gezek Eýran Yslam respublikasyny terrorizmi goldamaklykda aýyplamak bilen bir wagtda Eýrany dünýäde uruşyň we çaknyşyklaryň sebäpkäri hasaplady.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä Donald Teramp düýn ak tamda Polşanyň prezidenti Andrej Duda bilen bilelikde geçiren habar konferensiýasynda beren gürrüňlerinde Eýran sebitde we dünýäde uruşy we terrory ýola berendir diiýp toslady.
Tramp şeýle-de , Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy , Eýrana kynçylyk döretmekden aýry bu ýurdyň boluşynyň üýtgemegine hem sebäp bolandyr diýip toslady.
Amerikanyň prezidenti sözüniň dowamynda Eýran bilen oňuşyp bolsa beter gowy boljakdyr diýip nygtady.