Putin ýadro ylalaşygyň goralmagyny nygtady
Jun 14, 2019 17:44 Asia/Ashgabat
Orsýetiň prezidenti , ýadro ylalaşygyň goralmagynyň we ýerine ýetirilmeginiň gerekli we möhümdigini nygtap , ýadro ylalaşyga agza bütin ýurtlar bu halkara ylalaşyknamanyň çarçuwasyndaky borçlaryny ýerine ýetirmelidirler diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Wladimir Putin şu gün Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň başlyklarynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň ýadro ylalaşykdan çykmagynyň yzygelimleri barada ýene bir gezek duýduryş berip Amerikanyň ýadro ylalaşykdan çykmagy sebitiň ýagdaýny durnuksyz etmeginden aýry atom ýaragyň ýaýramagyny gadagan etýän düzgüni hem kynçylyga salandyr diýdi.