ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň ortak komissiýasynyň jemleýji beýannamasy
ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň ortak komissiýasynyň jemleýji beýannamasynda bu ylalaşyga agza ýurtlar maliýe INSTEX sistemasyna 3-nji ýurtlary hem çagyrylandyklaryny yglan etdi.
uma güni Wenada geçirilen bu maslahatda ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň ortak komissiýasynyň jemleýji beýannamasynda agza ýurtlar bu ylalaşygyň goralyp durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini nygtamak bilen bu ylalaşykda taraplaryň üstüne düşýän jogapkärçilikleri hem ýatlap geçdiler.
9 bentli bu beýannamada şeýle-de bu ylalaşyk esasynda Eýranyň ýadro işlerine gözegçilik etmekde halkara atom energiýasy agentliginiň roly hem nygtaldy.
ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň ortak komissiýasynyň maslahaty Eýranyň daşary işler ministrniň orunbasary Seýed Abbas Aragçynyň,Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäriniň orunbasary Helga Şmitiň,şeýle-de Germaniýanyň,Fransiýanyň,Britaniýanyň,Orsýetiň we Hytaý ýurtlaryndan ybarat bolan 4+1 toparyň daşary işler ministrleriniň syýasy orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda düýn Wenada geçirilip gutardy.
Eýranyň daşary işler ministrniň orunbasary Seýed Abbas Aragçyň ortak komissiýa heniz Eýranyň isleglerini kanagatlandyryp başaran däldir diýip aýdan ýagdaýynda bu komissiýanyň ýaňky beýannamasy çykarylandyr.
maliýe INSTEX sistemasy Ýewropa bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşgy goldamak niýeti bilen döredilendir.
şol bir wagtda Orsýetiň daşary işler ministrniň orunbasary Sergeý Riabkow ortak komissiýanyň maslahatynyň soňunda beren gürrüňlerinde maliýe INSTEX sistemasyna birikmekçidigini yglan etdi.