Ýaponiýada 20-ler toparynyň başlyklar maslahaty geçirildi
20-ler toparynyň başlyklar maslahaty agza ýurtlaryň arasyndaky geopoletik we söwda dawalaryň has güýjürgän zamanynda Ýaponiýanyň Ozaka şäherinde geçirilip öz işine soň berdi.
20-ler toparynyň başlyklary şu gün gutaran özleriniň maslahatlarynyň jemleýji beýannamalarynda dünýäniň ýüzünde geopoletik we söwda igenşikleriň güýjürgändigini ykrar etdiler.
şeýle-de bu beýannamada agza ýurtlaryň merkezi banklarynyň tarapyndan bolýan ykdysady işlere hemaýatyň berilmegi nygtaldy.
şol bir wagtda Amerikadan başga 20-ler toparynyň beýleki başlyklary howanyň üýtgemegi barada täze bir ylalaşygyň ýola goýulmagyna hemaýat berdiler.
Amerika,Fransiýa,Germaniýa,Orsýet,Türkiýe,Argentina,Hindistan,günorta Aferika,Britaniýa,Italiýa,Ýaponiýa,Awstraliýa,Braziliýa,Hytaý,Meksika,Arabystan,Günorta Koreýa,Kanada,Indoneziýa we Ýewropa Bileleşigi 20-ler toparyna agzadyrlar.