Nowak:Aziýanyň günbataryny durnuksyzlaşdyrýan Amerikadyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i5512-nowak_aziýanyň_günbataryny_durnuksyzlaşdyrýan_amerikadyr
Orsýetiň energiýa ministri Aziýanyň günbatar sebitiniň ýagdaýyny durnuksyzlaşdyrýan tarap Eýrandyr diýip Amerikanyň toslamasyny ret edip Tehranyň tersine ýola berilýän gadaganlyklary bikanun hasaplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 03, 2019 10:58 Asia/Ashgabat
  • Nowak:Aziýanyň günbataryny durnuksyzlaşdyrýan Amerikadyr

Orsýetiň energiýa ministri Aziýanyň günbatar sebitiniň ýagdaýyny durnuksyzlaşdyrýan tarap Eýrandyr diýip Amerikanyň toslamasyny ret edip Tehranyň tersine ýola berilýän gadaganlyklary bikanun hasaplady.

Orsýetiň energiýa ministri Alexander Nowak CNBC tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Orsýetiň Eýranyň nebit eksportyna garşy ýola berilýän gadaganlyklary goldamaýandygyna yşarat edip Moskwanyň ynamy boýunça Amerikanyň bu baradaky gadaganlyklary bikanundyr sebäbi bu gadaganlyklar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanýan däldir diýdi.

Pars Aýlag sebitiniň ýagdaýyny bulagaýlaşdyrýan tarap Eýran dälde eýsem Eýrana garşy gadaganlyklary amala aşyryp duran Amerika döwletidir diýip Orsýetiň energiýa ministri aýtdy.

Amerika döwleti ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmagyndan soňra Eýranyň tersine aňry baş basyşlary ýola bermek syýasaty ileri sürüp bu ýurda garşy öjükdiriji hereketleri ýola berip başlady.