Tramp ýene bir gezek Eýrana haýbat atdy
Jul 06, 2019 15:46 Asia/Ashgabat
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp ýene bir gezek Eýrana haýbat atdy.
Donald Tramp Nýujersidäki gezelenç mekanyna gitmeginiň öňüsyrasynda habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýran baradaky soragyň jogabynda Eýran barada näme boljakdygyny görjekdiris, Eýran gaty esewan bolmalydyr diýdi.
Tramp çarşenbe agşamy hem twitter sahypasynda ýadro ylalaşykdaky borçlaryny azaltmak barada Eýranyň 2-nji ädimi ätjekdigi barada Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniň aýdan gürrüňlerini täze haýbat atylmagy wasp edip bu zat soňunda Eýranyň hut özüne dolanjakdyr diýip ýazypdy.