Amerikanyň sentkam terrorçylarynyň serkerdesi duýdansyz Owganystana bardy
Amerikanyň merkezi serkerdeliginiň terrorçylykly ştabynyň başlygy general Kenneth F. McKenzie duýdansyz Owganystana baryp bu ýurdyň döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy bilen gürrüň etdi.
Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä Amerikanyň merkezi serkerdeliginiň terrorçylykly ştabynyň başlygy general Kenneth F. McKenzie-niň Abdulla- Abdulla bilen geçiren duşuşygynda taraplar iki ýurdyň harby hyzmatdaşlyklarynyň dowam etmegini nygtap ýaraş gepleşikler Owganystanyň prezident saýlawlary we sebitiň meseleri barada gürrüň edendirler.
Owganystan döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy Abdulla Abdulla hem bu duşuşykda beren gürrüňlerinde Owganystanyň döwletine garşy bolýan ýaragly adamlaryň , goňşy ýurtlarda aman jaýlarynyň bolýandyklaryna yşarat edip halkara köpçüligiň bu meselä ýetişiklik etmegini isledi.