Owganystan döwleti bilen Taliban toparynyň göni gepleşikleri
Jul 28, 2019 06:00 Asia/Ashgabat
ýene iki hepdeden Owganystan döwleti bilen Taliban toparynyň göni gepleşikleri başlanýar diýip Owganystanyň parahatçylyk işleri boýunça ministri Salam Rahimi yglan etdi.
Owganystanyň parahatçylyk işleri boýunça ministri Salam Rahimi şenbe güni eden çykyşynda ýene iki hepdeden Owganystan döwleti bilen Taliban toparynyň göni gepleşikleri Ýewropa ýurtlarynyň birisinde başlanýar diýmek bilen bu gepleşikler üçin Kabul döwletiniň 15 agzadan ybarat bolýan toparyny belli etmek işleri başlanandyr diýip habar berdi.
mydama Kabul döwleti bilen göni gepleşikleri geçirmegi ret edýän Taliban topary ýaňky habara gaýtawul görkezen däldir.