Owganystanyň sena mejlisiniň başlygy Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i5699-owganystanyň_sena_mejlisiniň_başlygy_eýranyň_daşary_işler_ministri_bilen_duşuşdy
Owganystanyň sena mejlisiniň başlygy Tehranda Eýranyň daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklar barada gürrüň etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 04, 2019 15:55 Asia/Ashgabat
  • Owganystanyň sena mejlisiniň başlygy Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Owganystanyň sena mejlisiniň başlygy Tehranda Eýranyň daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklar barada gürrüň etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň beren habaryna görä,bir topara ýolbaşçylyk edip Eýrana sapar eden Owganystanyň sena mejlisiniň başlygy Fazyl Hadi Muslemýar şu gün Eranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşygynda iki ýurduň medeni,taryhy,dini we dil meňzeşliklerine yşarat etmek bilen dürli örilerde Tehran-Kabulyň arasyndaky arkalaşyklaryň ösdürilmegini talap etdiler.

Owganystanyň sena mejlisiniň başlygy Fazyl Hadi Muslemýar şeýle-de düýn Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani bilen duşuşdy.

Larijani bu duşuşykda Owganystany Eýranyň dosty we dogan ýurdy bilmek bilen Eýranyň diňe Owganystan ilatynyň we döwletiniň kanalyndan ýerine ýetýän barlyşyk gepleşikleri ykrar edýänligini nygtady.

Fazyl Hadi Muslemýar hem Eýran döwletiniň,milletiniň we yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň Owganystan milletine we döwletine ýetirýän goldawlaryndan gadyrdanlyk etdi.