Keşmir sebitinde Pakistan bilen Hindistanyň harybylarynyň arasynda güýçli çaknyşyk ýüze çykdy
habar çeşmeleri öten agşam Keşmiriň serhet sebitinde Hindistan bilen Pakistanyň harbylarynyň arasynda güýçli çaknyşyklaryň ýüze çykanlygyny habar berdiler.
Fars habarlar gullugynyň ýaňky habarlar gullugyna salgylanyp beren habaryna görä,Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky igenşikler Hindistanyň kontrol astyndaky Keşmir sebitinde Täze Dehliň çäklikleri artdyrmagyndan soň güýjürgäp ugrandyr.
Hindistan döwleti geçen duşenbe güni bu ýurduň kontrol astyndaky Keşmir sebitiniň ýörite ygtyýarlyklaryny ýatyrandyr.Keşmir ilaty bolsa Hindistanyň amala aşyran bu işini we soňky wagtlarda bu sebitde ýola beren işlerini özlerine garşy uruş yglan etmek hasaplandyrlar.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Hindistanyň Keşmir sebitine garşy ýola beren işinden howatyrlanmak bilen bu sebitiň dartgynlylygynyň parahatçylykly çözülmegini isledi.
Pakistanyň sena we milli mejlisleri hem Hindistanyň kontrol astyndaky Keşmirde Täze Dehliň ýola beren hereketini ýazgardylar.şu ugurda Pakistanyň döwleti hem Hindistanyň Keşmir ilatyna garşy duşmançylykly hereketiniň gaýtawulynda bu ýurduň Yslam Abatdaky ilçisini çykardy.