Amerikanyň harby topary Türkiýä sapar etdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i5762-amerikanyň_harby_topary_türkiýä_sapar_etdi
Amerikanyň harby topary Türkiýä barandyr.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 15, 2019 16:36 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň harby topary Türkiýä sapar etdi

Amerikanyň harby topary Türkiýä barandyr.

Anatoly habarlar gullugynyň beren habaryna görä Türkiýäniň goranmak ministrligi şu gün bir beýannama çykaryp Amerikanyň harby topary , Siriýanyň demirgazygynda aman sebitiň açylmagy baradaky ylalaşygyň çarçuwasynda Türkiýä sapar edendir diýip yglan etdi.

Siriýanyň garşy çykmagyna garamazdan , Türkiýe döwleti , Siriýanyň içinde bu ýurdyň serhet boýundan 32 kilometre çenli hamala aman sebitiň açylmagyny isleýändir. şeýle halda Amerika bu sebitiň 15 kilometre çenli bolmagy bilen ugurdaşdygyny yglan edendir.

Waşington bilen Ankara, Siriýanyň demirgazygynda aman sebitiň açylmagyny maksadynyň parahat ilaty gutuldyrmak we terrorçy toparlary Türkiýäniň serhetlerinden daşaltmakdygyny yglan edendirler.emma synçylaryň pikirçe onuň asly maksady terrorçylara kömek edilmegidir.