Berni Sanderes:Donald Tramp jynsparaz adamdyr
(last modified Fri, 16 Aug 2019 10:16:32 GMT )
Aug 16, 2019 15:16 Asia/Ashgabat
  • Berni Sanderes:Donald Tramp jynsparaz adamdyr

Amerikanyň geljekki prezident saýlawlarynyň demokrat kandidaty Berni Sanderes Amerikanyň häzirki prezidenti Donald Trampy jynsparaz we yslam-dalar adam hasaplady.

2020-nji ýylda geçiriljek Amerikanyň prezident saýlawlarynda Trampyň bäsdeşi bolýan Berni Sanderes düýn CNN tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň kongresiniň 2 musulman agzasy bolan Ilhan Omar bilen Raşide Talebiň basylyp alynan Palestina we Kudusa sapar etmekleriniň öňüniň alynmagyndan Trampyň hemaýat etmegini onuň jynsparazlygynyň we yslamdalarlygynyň alamaty hasaplady.

Sionist režimiň jogapkärleri Trampyň basyşlary astynda Amerikanyň 2 kongres wekiliniň basyp alynan Palestina we Kudusa sapar etmeklerini gadagan edendirler diýip Sanderes sözlerine goşdy.

 Sionist režiminiň daşary işler ministrliginiň yglan etmegine görä, bu režimiň kabinetiniň tutumy netijesinde Ilhan Omaryň we Raşide Talebiň basylyp alynan Palestina sebitlerine sapar etmekleri gadagan edilendir.