Hytaý bilen Demirgazyk Koreýanyň jogapkärleri özara harby gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar
Hytaý bilen Demirgazyk Koreýanyň resmileri iki ýurduň arasyndaky harby gatnaşyklaryň we arkalaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Pekinde Hytaýyň komunist partiýasynyň merkezi komitetiniň syýasy gullugynyň agzasy Zhang Youxia bilen Demirgazyk Koreýanyň halyk goşunynyň syýasy gullugynyň müdiri Kim Su-Gil-iň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar iki taraplaýyn gatnaşyklaryň aýratynda harby arkalaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.
Hytaý bilen Demirgazyk Koreýanyň gatnaşyklary 2013-nji ýylda Hytaýyň prezidenti Şi Jin Pingiň Piung Ýanga gurnan saparyndan soň täze tapgyra girendir diýip Hytaýyň komunist partiýasynyň merkezi komitetiniň syýasy gullugynyň agzasy Zhang Youxia aýtdy.
bu duşuşykda Demirgazyk Koreýanyň halyk goşunynyň syýasy gullugynyň müdiri general Kim Su-Gil hem Hytaýly jogapkäriň aýdan sözlerini makullap Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak baradaky Piung Ýangyň boluşy üýtgemezdir diýdi.