Kiliçdaroglu ýene bir gezek Arduganyň Siriýa baradaky syýasatlaryna tankyt bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i5781-kiliçdaroglu_ýene_bir_gezek_arduganyň_siriýa_baradaky_syýasatlaryna_tankyt_bildirdi
Türkiýäniň halyk respublikasy partiýasynyň başlygy ýene bir gezek bu ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Arduganyň Siriýa baradaky ýalňyş syýasatlaryna tankyt bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 18, 2019 11:31 Asia/Ashgabat
  • Kiliçdaroglu ýene bir gezek Arduganyň Siriýa baradaky syýasatlaryna tankyt bildirdi

Türkiýäniň halyk respublikasy partiýasynyň başlygy ýene bir gezek bu ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Arduganyň Siriýa baradaky ýalňyş syýasatlaryna tankyt bildirdi.

Türkiýäniň halyk respublikasy partiýasynyň başlygy Kemal Kiliçdaroglu Siriýa hakda Türkiýe döwletiniň alyp barýan ýalňyş syýasatynyň üýtgemeginiň zerurlygyny nygtamak bilen Ardugan Siriýanyň kanuny döwleti bilen göni suratda gepleşik geçirip diplomatik gatnaşyklary berkarar etmelidir diýdi.

Kiliçdaroglu sözüniň dowamynda Türkiýe döwletiniň ýalňyş syýasatlary netijesinde bu ýurtda 3 million 500 müň Siriýaly bosgunyň ýerleşendiklerini yglan etdi.

düýn hem bu ugurda Türkiýäniň watan partiýasynyň başlygy Dögu Prinçik Türkiýe döwletiniň Siriýa döwleti bilen gatnaşyklaryny kesmegini ýalňyş iş hasaplapdy.