Fransiýada ýediler toparynyň başlyklar maslahaty geçirip başlandy
dünýäniň senagatlaşan 7 ýurdunyň başlyklarynyň gatnaşmagynda şu gün 7-ler toparynyň başlyklar maslahaty Fransiýanyň günorta günbatarynda ýerleşen Biarritz şäherinde geçirilip başlandy.
bu maslahatda Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy ýa-da şol Bregzit,halkara söwda,ýadro ylalaşygyň iş maslahaty,dünýäniň yklym ýagdaýynyň degişmegi we Orsýetiň 7-ler toparyna dolanmagy ýaly möhüm meseleler hakynda gürrüň boljakdyr.
bu maslahatynyň ýanynda Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makron bilen Amerikanyň prezidenti Tramp ýadro ylalaşygyň iş maslahaty barada hem gürrüň etjekdirler.
habar serişteleri Donald Tramp bilen Emanuel Makronyň bu duşuşygynyň çekeleşikli bolmagyna garaşýandyrlar.
dünýäniň senagatlaşan 7 ýurdunyň başlyklarynyň maslahaty bir ýagdaýda başlanandyr welin Fransiýa ilaty bu ýurduň dürli şäherlerinde bu maslahatyň geçirilmegine nägile bolup düýnden bäri protest geçirip gelýändirler.ilatyň protestleri bu ýurduň polisiýasy arkaly basgylanýandyr.