Parly:Ýewropa Bileleşigi Pars Aýlagynda Amerikanyň deňiz bileleşigine goşulmaz
Fransiýanyň goranmak ministri Florense Parly Ýewropa Bileleşiginiň Pars Aýlagynda Amerikanyň baştutanlygynda deňiz bileleşigine goşulmajakdygyny yglan etdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Fransiýanyň goranmak ministri Florense Parly öten agşam Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide Ýewropa Bileleşiginiň goranmak we daşary işler ministrleriniň maslahatlarynyň öň syrasynda beren gürrüňlerinde Ýewropa ýurtlaryň Pars Aýlagynda söwda gämileri skort edmek üçin Amerikanyň guran bileleşigine goşulmaga garşydyklaryny yglan etdi.
Amerikanyň ýola beren deňiz bileleşigine başga ýurtlary goşmak ugurdaky Tramp döwletiniň şu mahala çenli eden tagallalary şowsyzlyga uçrandyr.
durmuşda diňe Britaniýa,Sionist režimi we Bahreýn bu deňiz bileleşigine goşulmaga taýýarlyk bildirendirler.
Amerika döwleti soňky aýlarda Eýrana berýän basyşlaryny artdyrmak niýeti bilen Pars Aýlagyndaky harby huzuryny güýçlendirip özüniň Britaniýa ýaly ýaranlary bilen öjükdiriji hereketlere baş goşýandyr.