Türkiýe bilen Amerika Siriýanyň demirgazygynda aman sebiti döretmek ugurda arkalaşýarlar
Türkiýäniň goranmak ministri Hulusy Akar Siriýanyň demirgazygynda howpsuz sebiti döretmek ugurda Amerika bilen Türkiýäniň harbylarynyň arkalaşýandyklaryny habar berdi.
Hulusy Akar bu iki ýurduň harbylarynyň Siriýanyň demirgazygynda bilelikde aýlanyp ýagdaýy kontrol edýändiklerini yglan edip aýlan ganatlaryň we uçarmansyz uçarlaryň bilelikde aýlanmaklarynyň yzy bilen indi gury ýer güýçleri hem bilelikde Siriýanyň demirgazygynda aýlanyp ýagdaýy kontrol etjekdirler diýip beýan etdi.
Türkiýäniň goranmak ministri Siriýanyň Ragga welaýatynyň Tal-Abýaz etrapynyň golaýynda ýerleşen Akja galada Amerika bilen Türkiýäniň goşun serkerdeleri üçin bir kontrol otagyň ýola goýulmagyna yşarat edip bu merkezden iki ýurduň harby afiserleri Siriýanyň demirgazygyndaky aman sebitinde bolýan hereketleri göz astyna aljakdyrlar diýip yglan etdi.
Siriýanyň döwleti we milleti bu ýurduň demirgazygynda Amerika bilen Türkiýäniň ýola berýän işleri bilen tersleşip duran ýagdaýlarynda Türkiýäniň goranmak ministri bu sözleri dile getirendir.