DAEŞ-iň Owganystana aralaşmagy barada Guttereş howatyrlanma bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i5946-daeŞ_iň_owganystana_aralaşmagy_barada_guttereş_howatyrlanma_bildirdi
Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary, terrorçy DAEŞ toparynyň giň gerimde Owganystana ýaýramagy barada alada bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 10, 2019 15:38 Asia/Ashgabat
  • DAEŞ-iň Owganystana aralaşmagy barada Guttereş howatyrlanma bildirdi

Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary, terrorçy DAEŞ toparynyň giň gerimde Owganystana ýaýramagy barada alada bildirdi.

Antonio Guttereş BMG-nyň howpsuzlyk geňeşine beren hasabatynda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýola berýän operasiýalaryna garamazdan tekfiri we terrorçy DAEŞ topary Owganystandaky işlerini köpeltýändir diýip yglan etdi.

BMG-niň baş sekretary şeýle-de setýabr aýyň 28-inde Owganystanda geçiriljek prezident saýlawlara yşarat edip bütin ýaragly toparlaryň, saýlawlara gatyşmaklaryndan saklanmaklaryny isledi.