Pompeo:Amerika Eýrana garşy bütindünýä ylalaşygy döretmegiň yzyndadyr
Amerikanyň daşary işler ministri düýn Eýran Yslam Respublikasyna garşy özüniň esasyz toslamalaryny we aýyplamalaryny gaýtalap Waşington Eýrana garşy ähli umumy ylalaşygy döretmegiň yzyndadyr diýdi.
Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo ABC tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde hiç hilli senedi ileri sürmezden Arabystanyň nebit gurluşyklaryna garşy ýola berilen hüjümde Eýrany aýyplap ýurdunyň BMG-nyň umumy ýygnagynyň 74-nji maslahatynda Eýrana garşy ähli umumy ylalaşygy döretmek ugurda tagalla etjekdigini habar berdi.
Pompeo şeýle-de Eýrana basyş bermekde halkara köpçüliginiň biragyzdan Amerikany goldamagyny umyt etdi.
Ýemeniň goşuny we halk komitetleriniň uçarmansyz uçarlar birligi geçen hepdäniň şenbe güni Arabystanyň Ýemende baş goşýan jenaýatlarynyň jogabynda 10 sany uçarmansyz uçar bilen Arabystanyň milli nebit şereketine (ARAMKO) bagly bolan Bagyk we Hariz nebit arassalaýan kärhanalary hüjüm astyna aldy.