Owganystanyň prezident saýlawlarynyň gidişinde 85 adam ölendir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6158-owganystanyň_prezident_saýlawlarynyň_gidişinde_85_adam_ölendir
Birleşen Milletler Guramanyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto Owganystanyň prezident saýlawlarynyň gidişinde 85 adam ölendir diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 15, 2019 16:51 Asia/Ashgabat
  • Owganystanyň prezident saýlawlarynyň gidişinde 85 adam ölendir

Birleşen Milletler Guramanyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto Owganystanyň prezident saýlawlarynyň gidişinde 85 adam ölendir diýip yglan etdi.

28-nji sentýabrda geçirlen Owganystanyň prezident saýlawlarynyň gidişinde 370 adam hem ýaraly bolandyr diýip  diýip Birleşen Milletler Guramanyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto sözüne goşdy.

Birleşen Milletler Guramanyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto şeýle-de Owganystanyň prezident saýlawlarynyň gidişinde Taliban toparynyň amala aşyrlan bozgakçylaryň we jenaýatlaryň gidişinde ölenleriň 80 göterimini harby bolmadyk adamlar ybaratlaýandyr diýip hasabat berdi.

Birleşen Milletler Guramanyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto şeýle-de Owganystanyň saýlawlar komissiýasynyň açyk işlerine goldaw bermek bilen bir wagtda kandidatlaryň hemmesi bu komissiýanyň yglan etjek netijesini kabul etmelidirler diiýp sözüne goşdy.