Goreýşi:Tehran-Riýadyň arasyndaky igenşikler çözülmelidir
Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmut Goreýşi Saud Arabystan bilen Eýranyň arasyndaky igenşikleriň gutarmagyny talap etdi.
şu gün Täsnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmut Goreýşi beren gürrüňlerinde Arabystan bilen Eýranyň arasyndaky dawanyň dowam etmeginiň sebite we Pakistana tersin täsiri galdyrýandygyna yşarat edip Tehran-Riýadyň arasyndaky düşünişmezlikler çözülmelidir diýdi.
Goreýşi şeýle-de Pakistanyň premýer ministri Omran Hanyň Eýran we Arabystanly resmiler bilen geçiren duşuşyklaryna yşarat edip iki ýurduň resmileriniň gepleşik geçirmekleri üçin ähli gerek şertler taýýardyr diýip sözlerine goşdy.
Pakistanyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Keşmir ilatyny goldamagy üçin Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň pozisiýasyndan gadyrdanlyk etmek bilen Eýranyň ynkylap başlygy Keşmir ilatyny goldamakda özüniň we Eýran milletiniň aýdyň boluşyny Omran Hana yglan edendir diýip beýan etdi.