Owganystan bilen Pakistanyň serhedinde çaknyşyk ýüze çykdy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6222-owganystan_bilen_pakistanyň_serhedinde_çaknyşyk_ýüze_çykdy
Owganystanyň Gandhar welaýatynyň polisiýa serkerdeliginiň metbugat wekiliniň orunbasary Abdulbasir Haksar , Pakistanyň goşun güýçleriniň Gandhar welaýatynda Owganystanyň serhet bazalarynyň birnäçesine hüjüm edendiklerini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 22, 2019 15:42 Asia/Ashgabat
  • Owganystan bilen Pakistanyň serhedinde çaknyşyk ýüze çykdy

Owganystanyň Gandhar welaýatynyň polisiýa serkerdeliginiň metbugat wekiliniň orunbasary Abdulbasir Haksar , Pakistanyň goşun güýçleriniň Gandhar welaýatynda Owganystanyň serhet bazalarynyň birnäçesine hüjüm edendiklerini habar berdi.

Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna  görä Owganystanyň Gandhar welaýatynyň polisiýa serkerdeliginiň metbugat wekiliniň orunbasary  Abdulbasir Haksar bu hüjümden soňra Owganystanyň serhet gullukçylary Spin Buldak sebitinde Pakistanyň goşun güýçleri bilen çaknyşdylar diýip sözlerine goşdy.

Owganystanyň howpsuzlyk çeşmeleriniň yglan etmeklerine görä bu çaknyşyklarda Pakistanly harbylaryň 8-si ölendir we ýene bir näçesi hem ýaraly bolandyr.