Owganystan bilen Pakistanyň serhedinde çaknyşyk ýüze çykdy
Oct 22, 2019 15:42 Asia/Ashgabat
Owganystanyň Gandhar welaýatynyň polisiýa serkerdeliginiň metbugat wekiliniň orunbasary Abdulbasir Haksar , Pakistanyň goşun güýçleriniň Gandhar welaýatynda Owganystanyň serhet bazalarynyň birnäçesine hüjüm edendiklerini habar berdi.
Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä Owganystanyň Gandhar welaýatynyň polisiýa serkerdeliginiň metbugat wekiliniň orunbasary Abdulbasir Haksar bu hüjümden soňra Owganystanyň serhet gullukçylary Spin Buldak sebitinde Pakistanyň goşun güýçleri bilen çaknyşdylar diýip sözlerine goşdy.
Owganystanyň howpsuzlyk çeşmeleriniň yglan etmeklerine görä bu çaknyşyklarda Pakistanly harbylaryň 8-si ölendir we ýene bir näçesi hem ýaraly bolandyr.