Owganystanyň prezident saýlawlarynda biometrik enjamlaryň 800-den gowragy ýitrim boldy
Oct 27, 2019 14:50 Asia/Ashgabat
Owganystanyň saýlawçylyk komissiýasy bu ýurduň prezident saýlawlarynda işe alynan biometrik enjamlaryň 800-den gowragynyň ýitrim bolandyklaryny habar berdi.
Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Owganystanyň prezident saýlawlarynda 22 müň 588 biumetrik enjam işe alynypdy olaryň 837-siniň nirededigi belli däldir diýip şu gün Owganystanyň saýlawçylyk komissiýasy yglan etdi.
bu komission mundan ozal Owganystanyň prezident saýlawlarynyň jemleýji netijesini yglan etmek üçin üç gaýtar wagt belläpdi emma tehniki kynçylyklar zerarly onuň wagtyny yza oklamaly boldy.
Owganystanyň prezident saýlawlary Sentýabr aýynyň 28-nji gününde geçirilendir.