Pakistanda otly heläkçiliginde azyndan 70 adam öldi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6280-pakistanda_otly_heläkçiliginde_azyndan_70_adam_öldi
Pakistanyň Panjab welaýatynyň Rahym ýarhan şäherinde ýolagçy gatnatýan otlyda ýangynyň ýüze çykmagy sebäpli azyndan 73 adam ölüp 45 adam hem ýaralandy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 31, 2019 14:05 Asia/Ashgabat
  • Pakistanda otly heläkçiliginde azyndan 70 adam öldi

Pakistanyň Panjab welaýatynyň Rahym ýarhan şäherinde ýolagçy gatnatýan otlyda ýangynyň ýüze çykmagy sebäpli azyndan 73 adam ölüp 45 adam hem ýaralandy.

Pakistanyň Kraçi şäherinden Raulpendi şäherine tarap barýan bu otly bu ýurduň paýtagty Yslamabat şäheriniň golaýynda ýerleşen Rahym Ýarhan şäherinde hadysa uçrap ot aldy.

bu ajy hadysanyň yzy bilen Pakistanyň prezidenti Aref Alawi bilen bu ýurduň premýer ministri Omran Han aýry aýry sargytlar boýunça bu hadysany Pakistan milletine aýratynda otly hadysasynda gurban bolan adamlaryň içeri maşgalalaryna medet beriji sözlerini beýan etdiler.

Pakistanyň demir ýol jogapkärleri gaz kapsulynyň partlamagyny bu partlamanyň we netijede ýangynyň sebäbi diýip yglan etdiler.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi hem azyndan 100 adamyň ölmegine ýada ýaralanmaklaryna baryp çatan Pakistanyň otly hadysasy babatly gynanjyny beýan etmek bilen Pakistan döwletine,milletine we bu hadysada gurban bolanlaryň içeri maşgalalaryna tesella aýtdy.