Pütin Eýranyň Siriýadaky rolyny möhüm hasaplady
Orsýetiň prezidenti Wladimir Pütin Siriýanyň täze esasy kanunyny taýýarlamakda Moskwanyň Eýran bilen Türkiýäniň ýanynda giňden tagalla etýändigini aýtdy.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Orsýetiň prezidenti Wladimir Pütin Siriýanyň dartgynlylygyna syýasy ýollardan çäre görmekde Eýran,Orsýet we Türkiýäniň tagalla edip durandygyny ýatladyp Siriýanyň esasy kanunynyň komitetiniň işe başlamagy bu ýurduň dartgynlylykdan çykmagyna ýardym edip biler diýip ynam bildirdi.
Pütin Budapestda Wengriýanyň premýer ministri Wiktor Orban bilen geçiren habar konferensiýada beren gürrüňlerinde Siriýanyň esasy kanunyny düzýän komitetiň keseki gudratlaryň goşulmazlyklarynda Siriýanyň esasy kanunyny düzeldip bilmegini umyt etdi.
Siriýanyň döwletiniň,garşy toparlaryň şeýle-de bu ýurduň medeni we jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri höküminde 150 adamyň gatnaşmaklarynda döredilen Siriýanyň esasy kanunynyň komiteti çarşenbe güni öz işini başlady.
bu komitete Siriýa döwletinden 50 adam,garşylardan 50 adam we medenidir jemgyýetçilik toparlardan 50 adam gatnaşýandyrlar.bu komitet Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň 2015-nji ýylda makullan 2254-nji kararhatyna laýyklykda döredilendir.