Indiýa bilen Germaniýa ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan arka çykdylar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6296-indiýa_bilen_germaniýa_ýadro_ylalaşygyň_iş_maslahatyndan_arka_çykdylar
Indiýanyň premýer ministri Narendera Modi bilen Germaniýanyň kansleri Angella Merkel Nýu-Dehlide geçiren duşuşyklarynyň soňunda çykaran beýannamalarynda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan arka çykýandyklaryny yglan etdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 02, 2019 14:38 Asia/Ashgabat
  • Indiýa bilen Germaniýa ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan arka çykdylar

Indiýanyň premýer ministri Narendera Modi bilen Germaniýanyň kansleri Angella Merkel Nýu-Dehlide geçiren duşuşyklarynyň soňunda çykaran beýannamalarynda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan arka çykýandyklaryny yglan etdiler.

Indiýa bilen Germaniýanyň başlyklary ýadro ylalaşyga hemaýat bermek bilen bu ylalaşyga degişli meseleleriň söhbetdeşlik arkaly çözülmegini nygtadylar.Modi bilen Merkel şeýle-de ýadro ylalaşygy baradaky dartgynlylyklaryň azalmagyny islediler.

Germaniýanyň kansleri Angella Merkel Indiýaly resmiler bilen gepleşik geçirmek maksady bilen penşenbe güni Nýu-Dehli şäherine bardy.

Amerikanyň prezidenti Tramp 2018-nji ýylyň 8-nji Maýynda bir taraplaýyn suratda halkara ýadro ylalaşygyndan çykmak bilen ýadro gadaganlyklary gaýtadan ýola berip başlady.Trampyň bu işi Amerikanyň içerisinde we dünýä derejesinde ýazgaryldy.