Türkiýe DAEŞ-yň agzalary barada Ýewropalylara duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6300-türkiýe_daeŞ_yň_agzalary_barada_Ýewropalylara_duýduryş_berdi
Türkiýäniň içeri işler ministri Süleyman suylu Türkiýede saklanylýan DAEŞ-yň Ýewropaly agzalaryny öz ýurtlaryna gaýtarmak barada duýduryş berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 02, 2019 18:58 Asia/Ashgabat
  • Türkiýe DAEŞ-yň agzalary barada Ýewropalylara duýduryş berdi

Türkiýäniň içeri işler ministri Süleyman suylu Türkiýede saklanylýan DAEŞ-yň Ýewropaly agzalaryny öz ýurtlaryna gaýtarmak barada duýduryş berdi.

Isna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ýewropaly resmileriň Türkiýede tutulan DAEŞ-yň Ýewropaly agzalarynyň graždanlyk hukuklaryny ýatyrmak barada aýtýan gürrüňleri kabul ederlik däldir we Ankara DAEŞ-yň Türkiýäniň türmelerinde saklanylýan adamlary öz ýurtlaryna gaýtaryp berjekdir diýip Süleyman Suylu aýtdy.

Türkiýäniň içeri işler ministri Ýewropa döwletleriniň özleriniň DAEŞ-e birigen adamlarynyň jogapkärçiliginden boýun gaçyrmaklaryny ýazgaryp Türkiýe DAEŞ-yň adamlary üçin hotel däldir we olar öz ýurtlaryna gaýtarylmalydyrlar diýip yglan etdi.

Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň harby operasiýalary başlanany bäri Türkiýe tarapyndan DAEŞ-yň onlarça agzasynyň tutulanlygy barada habarlar ýaýrandyr.