Türkiýe:Ankara Ýewropa bilen terrorizmiň arasyndaky soňky galadyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6316-türkiýe_ankara_Ýewropa_bilen_terrorizmiň_arasyndaky_soňky_galadyr
Türkiýäniň goranmak ministrligi bu ýurduň Ýewropa bilen terrorizmiň arasynda soňky galadygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 04, 2019 13:32 Asia/Ashgabat
  • Türkiýe:Ankara Ýewropa bilen terrorizmiň arasyndaky soňky galadyr

Türkiýäniň goranmak ministrligi bu ýurduň Ýewropa bilen terrorizmiň arasynda soňky galadygyny yglan etdi.

Anadolu habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ankara diňe öz serhet çäklerini dälde eýsem NATO guramasyna agza ýurtlaryň serhetlerini hem goraýandir diýip Türkiýäniň goranmak ministrligi bir beýannama boýunça yglan etdi.

terrorizme garşy söweşde öň hatarda duran Türkiýäniň howpsyzlygy Ýewropanyň aýratynda NATO guramasyna agza ýurtlaryň howpsuzlygydyr diýip bu beýannamada nygtalandyr.

Türkiýäniň goranmak ministrligi Ermenleriň nesil gyrgynçylygyny ykrar etmek baradaky Amerikanyň wekiller mejlisiniň karar hatyny hem-de Siriýanyň terrorçy Kürt militanlaryny we Türkiýe Kürdistanyň işçiler partiýasy PKK terrorçy toparyny Fransiýanyň milli mejlisiniň goldamagyny Ankaranyň ýazgarýandygyny yglan etdi.

Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Suýlu bu ýurduň türmelerinde dürli milletlerden bolan azyndan 1200 terrorçy DAEŞ-yň ýatanlygyny yglan etdi.