Birleşen Milletler Guramasy:Ýemende her 11 minutda bir çaga ölýär
Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer işleri boýunça sazlaşdyryjy gullugy Ýemen uruşynyň bu ýurduň çagalarynyň köp sanynyň ölmeklerine sebäp bolandygyna yşarat etmek bilen Ýemende her 11 minutda bir çaganyň öz janyny elden berýändigini yglan etdi.
Fars habarlar gullugynyň beren maglumatyna görä,Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer işleri boýunça sazlaşdyryjy gullugy şeýle-de Ýemenli çagalaryň köpüsi suwsyzlykdan we azyk ýetmezçiliginden ölýändirler diýip yglan etdi.
durmuşda takmynan hemmesi ynsanperwer kömeklere mätäç bolýan Ýemende 11 million çaga çaga ýaşaýandyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň ynsanperwer işleri boýunça orunbasary Mark Lowkok baýak bir gürrüňlerinde Ýemeniň taryhda iň elhenç gumanitar pajyga uçrap durandygyny nygtap geçipdi.
Saud Arabystan Amerikanyň we Arap Emirlikleriň goldamaklary bilen 2015-nji ýylyň Martynda giňden Ýemene hüjüm edip başlady.bu hüjüm şu mahala çenli Ýemen ilatynyň on müňlerçesiniň ölmegine we millionlarçasynyň awara bolmaklaryna baryp çatandyr.