bütindünýä köpçüligi ýene bir gaýtar Sionist režimini ýazgardy
Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynyň 4-nji komiteti düýn Sionist režiminiň garşysynda Palestina we Siriýadan arka çykmakda 8 karar haty makullady.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bu karar hatlarda Sionist režimiň howadan,gury ýerden we deňizden Gazza zolagyny gabaw astynda saklamagy,Palestinalylary bikanun tutup olaryň ýaşaýyş jaýlaryny ýumuryp durmagy şeýle-de Siriýanyň Gallant belentliklerini basyp almagy ýazgarlandyr.
Gallant belentlikleri barada çykarylan karar hatda hem Sionist režimiň bu sebiti öz erkinde saklamagy ýazgarylyp Gallantyň Siriýa gaýtarylyp berilmegi nygtalandyr.
Gallant belentlikleri baradaky karar hata Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynyň 156 agzasy oňyn ses berendir we diňe 6 agzasy şol sanda Amerika döwleti oň bilen tersleşendir.