Jozep Borrell:ýadro ylalaşygyň iş maslahaty goralmalydyr
Dec 02, 2019 15:21 Asia/Ashgabat
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň täze jogapkäri Jozep Borrell ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny saklap goramak üçin hemme taraplaýyn tagallalaryň edilmegini nygtady.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Jozep Borrell düýn Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň täze jogapkäri höküminde Ispaniýanyň El Pais gazetasy bilen geçiren söhbetdeşliginde Ýewropa Bileleşigi ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny goramaga gaty ykjamdyr diýdi.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň täze jogapkäri şeýle-de ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna gol çeken ähli taraplardan öz jogapkärçiliklerinde tapylmak bilen bu ylalaşygy goramak ugurda tagalla etmeklerini isledi.