Eýran raketa programalaryny ýatyrsyn diýip Amerikanyň zor geplemegi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6487-eýran_raketa_programalaryny_ýatyrsyn_diýip_amerikanyň_zor_geplemegi
Amerikanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O Brien bu ýurduň zor aýdyjylykly syýasatlarynyň dowamynda Eýrandan özüniň raketalyk programasyny togtatmagyny isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 06, 2019 13:00 Asia/Ashgabat
  • Eýran raketa programalaryny ýatyrsyn diýip Amerikanyň zor geplemegi

Amerikanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O Brien bu ýurduň zor aýdyjylykly syýasatlarynyň dowamynda Eýrandan özüniň raketalyk programasyny togtatmagyny isledi.

Amerikanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O Brien şu gün Fax News tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde özüniň esassyz toslamalaryny gaýtalamak bilen Eýran özüniň balestika raketalary we ýadrolyk programalaryny ýatyrmalydyr diýdi.

Amerikanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Waşingtonyň Aziýanyň günbatar sebitine ýollan müňlerçe harbysynyň Eýrany togtadyp başardymy diýen soragyň jogabyna şeýle bolan bolmagyny umyt etýäris diýmek bilen biz Eýrana garşy aňrybaş basyş bermek uruşy başlandyrys diýdi.

Robert O Brienşeýle-de Eýranyň çetleşendigini toslap Eýran ýadro we raketa programalaryny yzarlaýan zamanyna çenli halkara ýurtlaryň jemine goşulyp bilmez diýip sözlerine goşdy.

bu Amerikaly jogapkäriň toslamasy bir ýagdaýdadyr welin ýadro ylalaşygy makullamakda Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň çykaran 2231-nji karar haty Eýrandan diňe ýadro bombalary göterip bilýän raketalary synamakdan saklanmagyny isländir.

Eýran Yslam Respublikasy şu mahala çenli ençeme gezek synagdan geçirilen raketalarynyň hiç birisiniň ýadro bombalary götermek üçin taslanan däldigini yglan edendir