Amerikanyň kanunçykaryjylary Saudylara harby tälim berilmeginiň öňüne geçilmegini isleýärler
Amerikanyň respublikan kanunçykaryjylary Saudylara harby tälim berilmeginiň öňüne geçilmegini islediler.
bu lsleg Arabystanly bir afisseriň Amerikanyň Pensacola howa bazasynda Amerikaly 3 harbyny ok bilen urup öldürmeginden we 3-sini hem ýaralamagyndan soňra ara atyldy.
Arabystanly 21 ýaşly afisser Muhammet Al-Şamrani Pentagonyň harby öwredişlerine gatnaşýan ýüzleçe Saudy afisserleriň birisidir.
Rachel Rojas şeýle diýýär: biz bu hüjümi hem öňkiler ýaly terrorçylykly bolmak ähtimaly bilen derňäris. durmuşda biziň yzarlaýan meselämi bu hüjümiň Muhammet Al-Şamraniň ýeke özi amala aşyrdymy/ ýada uly bir ulgamyň bir bölegimi? şuny biljek bolýarys.
bu waka bilen bagly hemde Donald Trampyň tizlik bilen Al-Saudyň hökümdarlaryndan arka çykmagyna tankytlar ara atyldy.
Donald Tramp şeýle aýtdy: Malek Salman tizlik bilen maňa jaň etdi we ýaňky hadysa babatly maňa pata aýtdy we bu hadysada gurban ýada ýaraly bolanlaryň maşgala agzalaryna duýgydaşlygyny bildirdi we şol bir wagtda hüjümçiniň ,Amerikany tüýs ýürekden söýýän Arabystan ilatynyň wekili däldir diýip nygtady diýdi.
bu hili meseleler Donald Tramp bilen saud häkimleriniň arasyndaky ýakyn aragatnaşyklary barada birnäçe soragy ara getirýär.
11-nji sentýabr hadysasynda hem 19 hüjümçiden 15-si Arabystanlydyr.