bütin dünýä saglygy goraýyş guramasy Eýranyň saglyk syýasatlaryndan gadyrdanlyk etdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6546-bütin_dünýä_saglygy_goraýyş_guramasy_eýranyň_saglyk_syýasatlaryndan_gadyrdanlyk_etdi
bütin dünýä saglygy goraýyş guramasynyň Eýrandaky wekili Kristof Hamelmann geçen 40 ýyllykda Eýran Yslam Respublikasynyň ilatyň saglygyny goramakda alyp baran işlerinden gadyrdanlyk etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 16, 2019 13:33 Asia/Ashgabat
  • bütin dünýä saglygy goraýyş guramasy Eýranyň saglyk syýasatlaryndan gadyrdanlyk etdi

bütin dünýä saglygy goraýyş guramasynyň Eýrandaky wekili Kristof Hamelmann geçen 40 ýyllykda Eýran Yslam Respublikasynyň ilatyň saglygyny goramakda alyp baran işlerinden gadyrdanlyk etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bütin dünýä saglygy goraýyş guramasynyň Eýrandaky wekili Kristof Hamelmann saglyk hyzmatlaryň hemmeler üçin bolmagy barada bellenen jahanlyk gününiň gelip ýetmegi mynasybetli beren sargydynda hemmelere lukmançylyk tiz kömekleri bermekde we hemmeleri saglyk hyzmatyň astyna almakda Eýranyň ýokary ukyby bardyr diýip ynam bildirdi.

Hamelmann şeýle-de Amerikanyň Eýrana garşy ýola berip duran gadaganlyklaryna yşarat edip bu gadaganlyklar Eýran ilatynyň saglygyna we Eýranyň saglygy goraýyş bölümine howp döredip durandyr diýip sözlerine goşdy.

bütin dünýä saglygy goraýyş guramasynyň Eýrandaky wekili şeýle-de iki taraplaýyn arkalaşyklaryň ösdürilmegini nygtady.