prezident Ruhani Eýran bilen Malaýziýanyň arasyndaky arkalaşyklaryň ösdürilmegini nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şu gün Kuala-Lumpur maslahatynyň ýanynda Malaýziýanyň premýer ministri Mahatir Mohammediň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Tehranyň Kuala-Lumpur bilen saklaýan arkalaşyklaryny ösdürmäge taýýardygyny yglan edip Eýran bilen Malaýziýanyň ykdysady arkalaşyklarynyň ösdürilmegi iki ýurduň we iki milletiň bähbidinedir diýip ynam bildirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Eýran Malaýziýa bilen alyşyp berişýän kä harytlarynyň gümrük salgytlaryny azaltmaga taýýardyr diýmek bilen garşylykly maýa goýumlar hem Eýran bilen Malaýziýanyň ykdysady aragatnaşyklarynyň gün tertibinde ýerleşdirilmelidir diýip yglan etdi.
prezident Ruhani Amerikanyň berýän basyşlary Eýran bilen Malaýziýanyň beýik milletleriniň yradalaryny gowşadyp bilmeli däldir diýmek bilen Eýran maksatnamaly hereket edip ilatyň çydamy bilen Amerikanyň ykdysady basyşlaryny şowsuzlyga uçradyp bilendir diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti biziň barimiz yslam ymmatynyň agzalarydyrys we yslam mezhepleriň arasynda hiç hili tapawut ýokdyr diýmek bilen musulman ýurtlar ortak duşmanlaryň garşysynda birleşmelidirler diýip nygtady.
bu duşuşykda Malaýziýanyň premýer ministri Mahatir Mohammet hem Amerikanyň Eýran milletine we döwletine berýän basyşlaryna Eýran milletiniň we döwletiniň görkezip duran çydamyndan täsirlenip durandygyny ýatladyp iki musulman ýurt höküminde Malaýziýa bilen Eýran özleriniň ykdysady we ylmy ukyplaryna daýanyp uly ösüşleri elgerip bilerler diýip ynam bildirdi.
prezident Ruhani şu gün şeýle-de Malaýziýanyň şasy sultan Abdulla bilen duşuşyp iki taraplaýyn we yslam dünýäsine degişli meseleler barada gürrüň etdi.
bu duşuşykda prezident Ruhani Palestinalylaryň 70 ýyl uzaga çeken awaralyklaryna yşarat edip Palestina meselesi yslam dünýäsiniň könelşen ýarasydyr oňa görä Kuala-Lumpur maslahatynda bu meselä çynlakay suratda üns berilmelidir diýip nygtady.