Pompeo Eýrandaky bozgakçylardan arka çykdy
Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo Waşingtonda Eýranda ýüze çykan soňky bulagaýçylyklary ýolbaşçylyk eden bozgakçylaryň we terrorçy toparjyklaryň agzalarynyň duşuşyklarynda beren gürrüňlerinde özüniň Eýrana garşy boş gürrüňlerini gaýtalady.
Pompeo bu maslahatda Eýranyň kä şäherlerinde ykdysady meselelere arzaly bolup geçirilen protestleri Eýran düzgüniniň kanunyna bildirilen arzalar höküminde görkezjek bolup synanyşdy we ýene bir gaýtar Eýran Yslam Respublikasyny adam hukukyny aýak aşaga salmakda aýyplady.
Amerikanyň daşary işler ministri Eýranly iki kazynyň tersine Amerikanyň tarapyndan gadaganlygyň girizimegini Amerikanyň Eýranda bozgunçylardan arka çykmagynyň nyşanlaryndan bildi.
şol bir wagtda Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Pompeonyň bu aýdan gürrüňlerine gaýtawul görkezip Pompeonyň bu sözleri Amerikanyň daşary syýasatynyň ugurynyň çaşgyndygyny görkezýändir diýdi.
Amerikalylar bu hili gürrüňler we aýyplamalar bilen hiç bir netijäni gazanyp bilmezler diýip Musawi aýtdy.adamlara azar berip olary horlamakda ýakasyny tanadan SIA guramasyndan gelen Pompeo Eýranda adam hukukynyň ýagdaýy barada pikir bermäge hakly däldir diýip Musawi sözlerine goşdy.