Owganystanyň prezident saýlowlarynyň deslapky netijeleri yglan boldy
Owganystanyň saýlowlar boýunça garaşsyz komissiony bu ýurduň prezident saýlowlarynyň deslapky netijesini yglan etdi.
Owganystanyň saýlowlar boýunça garaşsyz komissiony şu gün özüniň hasabatynda Muhammet Aşraf Ganiň sesleriň ýüze 50 bütin ýüzden 64-sini el-gerendigini yglan etdi.
mundan ozal Abdulla Abdullahyň ştaby özüniň wekilleriniň ýoklygynda sanalan Owganystanyň 27 welaýatynyň sesleriniň gaýtadan sanalmagyny talap etdi.Owganystanyň prezident saýlowlaryna dalaşgär bolan kandidatlaryň kä birisi şol sanda Abdulla Abdulla galyplygyň goýberilen ýagdaýynda prezident saýlowlaryň netijesini kabul etmejekdiklerini yglan edendirler.
Abdulla Abdullahyň saýlowçylyk ştaby şu gün bir beýannama çykarmak bilen Owganystanyň prezident saýlowlarynyň deslapky netijesi barada saýlowçylyk komissionynyň öňe süren hasabatyny kabul etmeýändigini yglan etdi.
şol bir wagtda Aşraf Ganiň saýlowçylyk ştaby garşy taraplaryň Owganystanyň saýlowçylyk komissionynyň yglan eden netijesini kabul etmeklerini isledi.