Moskwada Eýran bilen Orsýetiň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary duşuşdylar
Eýranyň daşary işler ministrniň hukuk we halkara işler boýunça orunbasary Golam Huseýin Dehgan Moskwada Orsýetiň daşary işler ministrniň orunbasary Oleg Siromolotow bilen duşuşyp terrorizme garşy göreşmek barada gürrüň etdi.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Golam Huseýin Dehgan bu duşuşykda kä bir sebit we günbatar ýurtlaryň terrorçy toparlara ýaşryn we äşgär suratda berýän hemaýatlaryna yşarat edip bu hemaýatlar Aziýanyň günbatar sebitinde terrorizmiň we ekstremizmiň ýaýbaňlaşmagyna sebäp bolandyr oňa görä Eýran bilen Orsýetiň bu barada arkalaşyp durmaklary gereklidir diýip yglan etdi.
bu duşuşykda Orsýetiň daşary işler ministrniň orunbasary Oleg Siromolotow hem terrorizm meselesine kä döwletleriň iki ýüzli çemeleşmeklerine tankyt bildirip Eýran bilen Orsýetiň howpsuzlyk ugurlarda saklaýan arkalaşyklarynyň ösdürilmegini talap etdi.