Zaharowa:Guterreş Amerikanyň kanun bozujylygyny görmezlik edýändir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6623-zaharowa_guterreş_amerikanyň_kanun_bozujylygyny_görmezlik_edýändir
Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa Amerika döwleti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň jarnamasynyň bozulmagyna biparh çemeleşmegi sebäpli Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterreşe tankyt bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 26, 2019 18:03 Asia/Ashgabat
  • Zaharowa:Guterreş Amerikanyň kanun bozujylygyny görmezlik edýändir

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa Amerika döwleti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň jarnamasynyň bozulmagyna biparh çemeleşmegi sebäpli Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterreşe tankyt bildirdi.

Amerika rus jogapkärlere wiza bermekligi bilkastlaýyn yza oklaýandyr we Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary bolsa bu meseläni görmezlik edýär diýip Maria Zaharowa aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa şeýle-de Amerikanyň rus resmilerine wagtynda wiza bermekden saklanmagynyň BMG-nyň jarnamasyny bozýandygyna yşarat edip şondan gelende Guterreş Amerikanyň bu bikanun işlerini görmezlik edýändir diýip beýan etdi.

Amerika döwleti Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramanyň maslahatlaryna gatnaşmak üçin rus jogapkärlerine şeýle-de kä ýurtlaryň şol sanda Eýran Yslam Respublikasynyň jogapkärlerine wiza bermek işini bilkastlaýyn yza oklaýandyr.