Eýran,Hytaý we Orsýet dünýäniň täze gudrat birligidir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6632-eýran_hytaý_we_orsýet_dünýäniň_täze_gudrat_birligidir
Sionist režiminde çap bolýan Taims gazetasy Hind ummanyň demirgazygynda Eýran,Orsýet we Hytaýyň ortak deňiz türgenleşigini ýola goýmaklaryna yşarat edip Tehran,Moskwa we Pekinden dünýäniň täze güýç birligi höküminde at çekdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 28, 2019 13:55 Asia/Ashgabat
  • Eýran,Hytaý we Orsýet dünýäniň täze gudrat birligidir

Sionist režiminde çap bolýan Taims gazetasy Hind ummanyň demirgazygynda Eýran,Orsýet we Hytaýyň ortak deňiz türgenleşigini ýola goýmaklaryna yşarat edip Tehran,Moskwa we Pekinden dünýäniň täze güýç birligi höküminde at çekdi.

ýaňky deňiz türgenleşigi düýn Hind ummanyň demirgazygy bilen Omman deňizinde ýola goýulyp başlandy we geljek duşenbe güne çenli hem dowam etjekdir.

bu türgenleşikde hadysa uçrap ot alan gämä kömek etmek,hüjüm astyna alynan gämini halas etmek we deňizde belli maksatlara ok atmak  bu uç ýurduň deňiz birlikleri tarapyndan maşyk ediljekdir.

Sionist režimiň Taims gazetasy özüniň ýaýradan habarynda Eýrany çetleşdirmekde Amerikanyň edýän tagallalaryny netijesiz bilmek bilen Ysraýyl režimi Aziýanyň günbatarynda ýeke galandyr diýip ýazdy.